Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1712530
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Siriýada parahatçylyk Türkiýä we Russiýa bagly” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň özara duşuşygynda möhüm meseleleriň ara alynyp maslahatlaşylandygyny ýazýar. Esasanda Siriýada başdan geçirilýän wakalar hakynda pikir alyşylan duşuşykdan ozal beýanat beren Erdogan; “Siriýa boýunça eden bilelikdäki başlangyçlarymyz möhüm. Siriýanyň parahatçylygy ýene-de Türkiýe-Russiýa gatnaşyklaryna bagly” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Erdogan “Nýu-Ýork Taýmsa” Türkiýäniň S-400 almagynyň sebäbini düşündirdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň “Nýu-Ýork Taýms” gazetine beýanat beren Prezident Erdoganyň Türkiýäniň Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamyny almagynyň NATO zyýan ýetirendigi hakyndaky garaýyşlaryň hakykata bap gelmeýändigini aýdandygyny ýazýar. Erogan; “Amerikalylar Türkiýä Patriot raketa goranyş ulgamyny satan bolsady, biz S-400 almaly bolmazdyk” diýdi.

“Watan” gazeti “Türkiýe bilen Ukrainanyň arasynda taryhy şertnama”söz başyly habarynda, Ukrainanyň Goranmak ministrligi bilen “Baýkar” firmasynyň arasynda bilelikdäki uçarmansyz howa ulagynyň abatlaýyş we tälim merkeziniň açylmagy hakyndaky teswirnama gol çekişilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ylalaşyga laýyklykda “Baýkar” Ukrainanyň harby goşunlaryna degişli Wasilkow zolagynda UHU abatlaýyş, döwrebaplaşdyryş we tälim merkezini açar. Ukrainanyň ýaragly güýçleri Türkiýede 7 sany “TB2” uçarmansyz howa ulagyny satyn alypdy.

“Sabah” gazeti “Türkiýe gaýtadan işlenýän energiýa pudagynda dünýäde 12-nji, Ýewropada 5-nji orunda” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň Türkiýäniň bar bolan gaýtadan işlenýän energiýa desgalary bilen dünýäde 12-nji, Ýewropada 5-nji orunda durýandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Fransuz firmalarynyň Türkiýedäki maýa goýumlary artar” söz başy habarynda, Fransiýanyň Daşary söwda we maýa goýumlar ministri Frank Reisteriň Türkiýe bilen Fransiýanyň arasyndaky özara söwda gatnaşyklarynyň iňňän ýokary derejededigini nygtap; “Geçen ýyl 14 milliard ýewro barbar söwda gatnaşygy edildi. Soňky aýlarda özara söwda gatnaşygymyzyň ýokarlandygyny görýäris. Şeýlelikde şu ýyl 16 milliard ýewrolyk söwda mukdaryna ýeteris” diýen sözlerini çap edýär.



Degişli Habarlar