Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1666716
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: digital infrastrukturany hasam güýçlendireris” söz başyly  habarynda, Przident R.T.Erdoganyň Türksatyň Ankaradaky Gölbaşy toplumynda Türksat 5A emeli hemrasynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli guralan dabara gatnaşandygyny ýazýar. Prezident Erdogan: “Türksat 5A ulanmaga berilýärkä digital döwrüň şertlerini milletimiziň emrine ençeme ösen ýurtda öň bermegiň hötdesinden geldik. Esasanda senagatda söwda ulgamyna, döwlet üpjünçiliginden bilim we saglygy goraýyş ulgamyna digital infrastrukturany hasam güýçlendireris” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe ykdysadyýetde dünýäniň parlak ýyldyzy bolar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 2010-njy ýyllaryň birinji ýarymyna çenli dünýäniň parlaýan ýyldyzy derejesine laýyk görülen oňyn ykdysady performansa eýe bolandygyny aýdan “Ejzajybaşy Holdingiň” Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Bülent Ejzajybaşynyň, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň şol performana eýe boljak potensialynyň barydygyny nygtap; “Geçmişde nähili hötdesinden gelen bolsak, ýene-de hötdesinden geleris” diýen sözlerini çap edýär.

“Watan” gazeti “Russiýadan Bodruma 83 million dollarlyk maýa goýum” söz başyly habarynda, Russiýa-Türkiýe Işewürler Geňeşiniň Başlygy Ahmet PAlankoýewiň rus maýadarlary tarapyndan Muglanyň syýahatçylyk merkezi Bodrum etrabynda 83 million dollarlyk maýa goýum bilen sport we dynç alyş kompleksini gurjakdygyny beýan edendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “İzmirdäki oba hojalyk sergisine 80 ýurtdan 774 marka gatnaşdy” söz başyly habarynda, Ýewropanyň esasy sergilerinden biri bolan İzmiriň Halkara Afgroexpo oba hojalyk we maldarçylyk sergisinde türk firmalarynyň 900 million dollardan gowrak şertnama baglaşandygyny mälim edýär. 80 ýurtdan 100-den gowragy daşary ýurtly jemi 774 markanyň gatnaşan sergisine Fransiýa, Russiýa, Hindistan we Katar uly gyzyklanma bildirdi.

“Star” gazeti “Stambul howa menzili 3 günde täze rekord goýdy” söz başyly habarynda, birnäçe aýdan bäri iň köp uçuş edýän Stambul howa menziliniň iýun aýynyň 25-de, 26-da we 27-de  100 müňden gowrak ýolagçy kabul edendigine ünsleri çekýär. Şeýlelikde Stambul howa menzili 3 günüň dowamynda pandemiýanyň iň gelim-gidimli döwrüni başdan geçirdi.



Degişli Habarlar