Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1622434
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Daşary işler ministriniň Müsür hakyndaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň maý aýynyň başynda Türkiýäniň resmi wekiliýetiniň, çakylyga laýyklykda Müsüre sapar gurajakdygyny aýdandygyny ýazýar. Çawuşogly iki ýurduň arasynda ilkinji howpsuzlyk gulluklarynyň arasynda başlan gatnaşyklaryň daşary işler ministrlikleriniň üsti bilen dowam etmegi boýunça ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy.

“Watan” gazeti “Zelenskiý raýatlaryny Türkiýeden dynç almaga çagyrdy” söz başyly habarynda, Ukraina berýän goldawy üçin Prezident R.T.Erdogana sagbolsun aýdan Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýniň “Prezident Erdoganyň Ukrainany, wagtlaýynça basylyp alynan ýerlerimizi, Krymy goldamagy möhüm” diýendigini we Ukrainanyň raýatlaryny Türkiýä dynç alyşa gitmäge çagyrandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Syhahatçylar iýun aýyndan başlap rus syýahatçylardan ýokary talaba garaşýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Syýahat gulluklary bileleşiginiň Başlygy Firuz Baglykaýanyň iýun aýyndan başlap Russiýadan Türkiýä bolan islegiň ýokary boljakdygyny we dynç alyş döwrüniň oktýabr-noýabr aýlaryna çenli dowam etmegine garaşýandyklaryny aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “THÝ-niň Boeing 767-MAX uçary iki ýyl soň ilkinji saparyny amala aşyrdy” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň milli we halkara awiasiýa awtoritarlary tarapyndan degişli uçuş tassyknamalarynyň alynmagndan soň TJ-LJA reýester belgili Boeing 737-MAX kysymly uçarynyň iki ýyl soň paýtagt Ankara ilkinji saparyny amala aşyrandygyny mälim edýär.

“Star” gazeti “Döwlet howa menzilleri edarasy howa gatnaw hyzmatynda Ýewropada birinji orunda” söz başyly habarynda, Ýewropanyň Awianawigasiýa howpsuzlygy guramasynyň beýan eden görkezijilerine görä üstümizdäki ýylyň üç aýynda Döwlet howa menzilleri edarasynyň Howa gatnaw merkezi Ýewropanyň öňdebaryjy Howa gatnaw gözegçilik merkezlerinden öňe geçip, biriji orny eýeländigini ýazýar.



Degişli Habarlar