Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazdetlerde giň beýan tapýar.

1614793
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Hüjüm guramak üçin taýarlyk gören terrorçylar täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň geçiren serhetaşa operasiýalary bilen terrordan saplanan zolaklarda howpsyzlyk güýçleriniň işlerini dowam etdirýändigini, serhetden geçmäge synanşan ýa-da hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändygy anyklanan terrorçylaryň dessine Türk ýaragly güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilýändigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Çawuşogly: “Montr şertnamasy bilen Kanal Stambul tapawutly” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň häzirki wagta çenli Kanal Stambul taslamasy sebäpli Türkiýä haýsydyr bir basyşyň edilmändigini beýan edip, Montr şertnamasynyň Kanal Stambula, Kanal Stambulyň hem Montr şertnamasyna haýsydyr bir täsiriniň bolmajakdygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Çawuşogly: “Bogazdan geçjek söwda gämilerini Kanal Stambuldan geçmäge mejbur eden halatymyzda, ine şonda mesele çykar” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Kurum: Kanal Stambuly çekeris” söz başyly habarynda, Daşky gurşawy goramak we Şäher gurluşyk ministri Murat Kurumyň Gara deňizi Egeý deňizine birikdirjek Kanal Stambuly çekjekdiklerini, onuň geljegine bolan ynamyň has ýokarydygyny beýan edendigini ýazýar. Prezident R.T.Erdoganyň Kanal Stambul hakynda aýdan “Hökman gurarys” diýen sözüni ýatladan Kurum, ýurduň we milletiň bähbidine bolan taslamalary iş ýüzüne geçirmäge dowam etjekdiklerini beýan etdi.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe logistiki merkez bolar” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglunyň Kanal Stambulyň, Stambuly dünýäniň söwda merkezine öwürjekdigini beýan edip, tender taýarlyklary dowam edýän taslamanyň ýakyn gelejekde başlajakdygyna ünsleri çekendigini ýazýar.

“Star” gazeti “ÝB Türkiýe boýunça pozitiw gün tertibine gönükdi” söz başyly habarynda, ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ursula Won Der Leýen bilen ÝB Geňeşiniň Başlygy Çarles Mişeliň 6-njy aprelde sapar bilen Türkiýä geljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. ÝB-niň resmileriniň Türkiýä saparynyň pozitiw gün tertibine goşant goşjakdygyny beýan edýän bilermenler, Liwiýa, Siriýa we Günorta Kawkazda bar bolan meseleleriň çözülmeginde ÝB-niň Türkiýeden goldawa garaşýandygyna ünsi çekip, ÝB-niň Türkiýäni öz tarapynda tutmaga synanşýandygyny mälim edýändiklerini ýazýar.



Degişli Habarlar