Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1612658
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Oraza baýramyndan soň Şuşa sapar etjek” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Döwlet ýolbaşçylarynyň sammitinde sözlän sözünde; “Garabagdaky türk mirasynyň goralmagy üçin ähli mümkinçiliklerimiz bilen Azerbaýjany goldamaga dowam etmek möhüm. Biz iň gysga möhletde, Oraza baýramyndan soň Şuşa sapar edip, täze bir baýram edeliň” diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Türkiýe ABŞ-na berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň ABŞ-nyň masgaraçylykly Adam hukuklary habarnamasyna berk reaksiýa görkezendigini mälim edýär. Ministrligiň beýannamasynda: “Demokratiýamyza kast eden, ýüzlerçe raýatymyzy şehit eden, hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygynyň günäkäri FETÖ-niň ýene-de “Gülen hereketi” hökmünde atlandyrylmagy ABŞ-nyň şol terror guramasyna garşy hakly göreşimize hemizem düşünmändigini, terror guramasyna garşy ýüze çykaran anyk delillerimizi görmediksireýändigini, habarnamany taýarlaýarkalar hem belli töwerekleriň garaýyşlaryna salgylanylandygyny görkezýär” diýilýär.

“Star” gazeti “Ministr Warankyň ýerli sanjym hakyndaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň ýerli sanjymda “Tapgyrlaryň ählisi ütünlikli tamamlanan halatynda ýylyň ahyrynda 50 million doza öndürme mümkinçiligine eýe bolar” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Fatih, Türkali-2 guýusyndaky 3,950 metr çuňluga ýetdi” söz başyly habarynda, “Fatih” burawlaýyş gämisinin Sakarýa gaz känindäki ikinji deňiz kesgitleýiş guýusy bolan Türkali-2-de ýetilen iň soňky çuňlugyň 3,950 metr barabardygyny, barlaglaryň üstünlik bilen tamamlandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “THÝ-niň ýolagçylaryna tölegsiz hyzmady” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň ýolagçylarynyň “PressReader” aplikasiýasy bilen daşary ýurtlarda çap edilýän gazetdir žurnallary tölegsiz okap biljekdiklerini habar berendigini, ýolagçylaryň uçuşlardan 24 sagat öň we soň, aplikasiýadaky ähli mazmunlary tölegsiz okap biljekdiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar