Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1608042
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: 2023 Ýeňiş ýyly bolar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Adalat we ösüş partiýasynyň nobatdaky 7-nji Gurultaýynda 2023-nji ýylyň jarnamasyny beýan edendigini ýazýar. Erdogan gurultaýdan soň eden çykyşynda: “2023-nji ýyl Jemhur ýaranlygynyň ýeňiş ýyly bolar” diýdi. Prezident Erdogan gurultaýda 1428 sesiň ählisini alyp, Ak partiýanyň başlyklygyna ýaňadandan saýlandy.

“Star” gazeti “Türkiýeden ABŞ-na S-400 jogaby” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken bilen Brýusselde geçiren duşuşygynda: “Blinken bilen netijeli duşuşyk geçirdik. Russiýadan S-400 raketa goranyş ulgamyny alandygymyzy we bu meseläniň biziň üçin ýapylandygyny beýan etdik. ABŞ-nyň döwlet Sekretary bilen Türkiýede ýa-da ABŞ-da has giň gerimli maslahat geçirilmegi boýunça ylalaşdyk” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Koja: “1,4 million “Biontech” sanjymy Türkiýe” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň sosial medi hasabyndan beren habarnamasynda 1,4 million doza “Biontech” sanjymynyň Türkiýä gelendigini we howpsyzlyk synaglaryndan soň raýatlara edilmäge başlanjakdygyny habar berendigini ýazýar.

“Ýenişafak” gazeti, “NATO agza şeýle köp bosguny kabul eden başga ýurt ýok” söz başyly habarynda, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň,  NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyndan soň beren beýannamasynda, Türkiýäniň guramanyň esasy ýurtlaryndan biridigini nygtap,  “Türkiýe, Yrak we Siriýa bilen serhetdeş we halkara derejesinde terrora garşy alnyp barylýan göreşde esasy rol oýnaýar. Türkiýe ýaly şeýle köp bosguny kabul eden NATO agza başga ýurt ýok” diýip belledi.



Degişli Habarlar