Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1183520
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Yragyň demirgazygyna howa hüjümi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, howa hüjümleri bilen bagly maglumatyň berilendigi mälim edildi. Beýanata görä, Yragyň demirgazygyndaky Zap, Awaşin-Basýan, Hakurk we Kandil sebitlerine guralan howa hüjümleriniň netijesinde, terror guramasy PKK tarapyndan ýarag liniýasy, gaçybatalga, gowak we ok-däri ammarlary hökkmünde ulanylan ýerler nyşana alynyp, ýok edildi.

Watan gazedi: “THÝ taryhy göçüriliş işlerinden soň 1 million ýolagçyny geçdi” söz başyly habarynda, Türk howaýollary agentliginiň Baş direktory Bilal Ekşiniň, uly göçüriliş işlerinden soň täze merkezleri bolan Stambul howa menzilinde hyzmat beren ýolagçy sanyny aýan edendigini habar berýär. Bilal Ekşi: “Uly göçüşiň edilen gününden bäri THÝ uçuş-gonuş jemi 862 uçar sapary bilen 841 müň 915 ýolagça hyzmat berdi. Düýnki ýolagçylarymyz bilen 1 million adamy geçdik. Gowy barýarys, has hem gowy bolar” diýip belledi.

Star gazedi: “Syýahatçylar 2017-nji ýylda Türkiýede 22,5 milliard dollar pul sowdylar” söz başyly habarynda, syýahatçylaryň 2017-nji ýylda Türkiýede 22,5 milliard dollar harajat edendiklerini beýan edýär. Merkezi Kanadada ýerleşýän Wisual Kapitalist kärhanasy, daşary ýurtly syýahatçylaryň iň köp harajat çykaran ýurtlaryny derňedi. Geçirilen derňewlere görä daşary ýurtly syýahatçylaryň 2017-nji ýylda Türkiýede 22,5 milliard dollar pul sowandyklary aýan boldy.

Hürriýet gazedi: “Bagtyýar şäher Sinop 1 million syýahatçy meýilnamasyny artdyrdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabat guramasynyň 2014 we 2016-njy ýyllardaky ylmy derňewlerine görä, Türkiýäniň iň bagtyýar şäheri hökmünde kesgitlenen we geçen ýyl 1 million adamyň gelip gören Sinop şäheri, bu ýylyň dynç alyş möwsüminiň ilkinji myhmanlaryny güller bilen garşylanandygyny beýan edýär. Syýahatçylar Sinopyň tebigatyna we taryhy ýerlerine haýran galandyklaryny bellediler. Sinop deňizi, çägeli uzyn plažlary, Hamsilos tebigat parky, Tatlyja şaglawuklary ýaly tebigy gözellikleri bilen öňe saýlanyp, Taryhy Sinop tussaghanasy, gazuw agtaryş işleri dowam edýän Balatlar binalar toplumy we gaýa mazarlary bilen gelenleriň ünslerini özüne çekýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Galataport dünýä tanyşdyrylmaga başlandy” söz başyly habarynda, gurulyp ulanylmaga berilmeginden soň ýylda ekipaž bilen birlikde 1,5 million ýolagça hyzmat berjek bolan Stambulyň ýeke täk deňiz menzili Galataportyň, Seatrade Cruise Global 2019 sergisine bir stend bilen gatnaşyp, dünýäniň iň uly kruiz kärhanalarynyň ugruny Stambula öwürendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 113 ýurtdan 643 gatnaşyjy we 11 müň firma bilen satyn alyjylaryň gatnaşýan Seatrade Cruise Global 2019 sergisinde dünýäniň ägirt uly kruiz kärhanalaryna Stambul we 2020-nji ýylyň mart aýynda açyljak Galataport Stambul kruiz porty tanyşdyryldy.


Etiketkalar: #gazet , #Galataport , #Sinop , #firma , #sergi

Degişli Habarlar