Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünyäniň ve yurduň gün tertibiniň ileri tutulyan ugurları bilen baglı habarlar gündelik gazetlerde giň beyan tapyar

832351
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Gijeleriň birinde duýdansyz hüjüm edip bileris” söz başyşyly habarynda, Türkiýäniň lideri Erdoganyň Türkiýäni gabamaga synanyşýanlara duýduryş berendigini habar berýär. Gazet Erdoganyň: “Biz bilen strategik taýdan hyzmatdaşlyk edýänler, hukuklarymyza hormat goýdyklary saýyn biz hem olara hormat goýarys” diýendigini beýan edýär. Gazet Stambulda Ak partiýa tarapyndan gurnalan Ýaşlar geňeşinde çykyş eden Erdoganyň käbir hyzmatdaş ýurtlaryň Siriýada we Yrakda terror döwletini emele getirmäge synanyşmak üçin edilýän hereketleriň üstünde durup geçendigine ünsleri çekýär. Habarda Erdoganyň howpsyzlyk meselesinde Türkiýäniň islendik howpy ortadan aýyrmak üçin hereket etjekdigini we onuň üçin hiç kimden rugsat almajakdygyny aýdandygy ýazylýar.  

Watan gazedi: “Türkiýe tarapyndan öndürilern ATAK dikuçarlar dünýäniň iň gowusy” söz başyly habarynda, Pakistanyň Premýer ministri Şahid Hakan Abbasiniň Türkiýäniň ýerli harby dikuçary T129 ATAK bilen Stambulda synag uçuşyny geçirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Abbasiniň dikuçar barada: “Örän täsirli bir dik uçar. Bu dikuçar bir uçarman hökmünde iň gowusy, iň täsirli hüjüm dik uçary diýip bilerin. Pakistanyň Ýaragly güýçleri eýýäm 4 ýyl bäri bu dikuçary ähli şertlerde synagdan geçirdi we 1-nji hökmünde saýlady. Häzirki wagtda satyn almak şertnamasy bilen baglanşykly gepleşiklerimiz dowam edýär. Nesip bolsa bu dikuçary alyp, gysga wagtyň içinde Pakistanyň Ýaragly güýçleriniň düzümine goşarys” diýendigini belleýär.

Sabah: “Türkiýe deňizlerde täsirli bolar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň güýjüne güýç goşjak 6 täze deňizasty gäminiň gurluşygyna başlandygyny mälim edýär. Gazet wodorod ýangyç tehnologiýasy bilen işlejek deňizasty gämileriň Göljük gämi ussahanasynda ýasaljakdygyny nygtaýar. Habarda Milli Goranmak ministri Nurettin Janikliniň ABŞ-nyň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD-e berýän ýarag goldawyny göz öňünde tutyp: “Taýarlyklarymyzam, öňüni alyş çärelerimizem bu terror guramasynyň eýe bolan ýaraglaryň günleriň birinde Türkiýä garşy ulanylmagyna garşydyr. Nesip bolsa aglaba bölegini 100 göterim ýerli tehnologiýa bilen durmuşa geçireris” diýendigi ýazylýar.

Haber Türk gazedi: “Syýahatçylykda Türkiýä bolan talap örän artar” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň öňümizdäki möwsümde Ýewropanyň tapawutly ýerlerinden geljek turistleriň sanynda artyş boljakdygyny, eýýäm häzirki wagtdan artmaga başlandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Antalýada syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bilen duşuşan Çawuşoglynyň Türkiýeden başga ýurtlara gidýän syýahatçylaryň giden ýerlerinde hoşal galmaýandyklaryny belläp: “Syýahatçylar Türkiýä gelmek isleýärler. Biziň tapawudymyz adamlary örän gowy görýäris we adamlara hyzmat etmegi we adamlaryň hoşal bolmagyna şat bolýarys” diýendigine ünsleri çekýär.

Star gazedi: “Antalýa film festiwaly Çempionlar ligasynda” söz başyly habarynda, dünýä kinomotografiýasynyň üns merkezinde bolan 54-nji Halkara Antalýa film festiwalynyň dabaraly ýagdaýda açylandygyny habar berýär. Gazet 54-nji Halkara Antalýa film festiwalynyň açylyşynda söz sözlän Antalýa şäheriniň häkimi Menderes Türeliň: “Festiwalymyzy Çempionlar ligasyna çykarmak isleýäris” diýendigini beýan edýär.



Degişli Habarlar