Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

731043
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Sumkadaky delil sanawy” söz başyly habarynda, Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky amerikan hökümetiniň Rakka operasiýasy üçin terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy ÝPG-e agyr ýarag berilmek baradaky kararyň tassyklanmagyndan soň ähli ünsleriň Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň 16-17-nji maýda ABŞ-na gurajak saparyna gönügendigini mälim edýär. Gazet Erdoganyň sumkasynda howpsyzlyk we razwedka gulluklary tarapyndan taýarlanan möhüm delilnamalaryň bardygyny habar berýär. Habarda delilnamalaryň arasynda terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş üçin berilen, emma aýralykçy terror guramasy PKK-nyň eline geçen ýaraglaryň inwentarynyň bardygy bellenýär. Gazet mundan başgada bu ýaraglaryň Türkiýä nädip girendigi, nirede we nähili ýagdaýda ele salynandygy düşündirilýändigini nygtaýar.

Haber Türk gazedi: “Prezident Erdoganyň Hytaý sapary şu gün başlaýar” söz başyly habarynda,  Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň 14-15-nji maýda Pekinde geçiriljek Halkara hyzmatdaşlyk üçin Bir nesil we bir ýol forumyna gatnaşmak we Hytaý Halk Respublikasynyň Prezidenti Si Szinpin bilen duşuşmak üçin şu gün Hytaýa gidendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Erdoganyň 14-nji maýda Halkara hyzmatdaşlyk üçin Bir nesil we bir ýol forumynyň ýokary derejeli diýalog maslahatynda, 15-nji maýda bolsa Tegelek stol liderler maslahatynda çykyş etjekdigi beýan edilýär.

Sabah gazedi: “Milli raketa Boradan üstünlikli urgy” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Fikri Yşygyň Türkiýäniň ilkinji uzak aralykly raketasy Boranyň Sinop welaýatynda üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirilendigini aýdandygyny habar berýär. Gazet Sinop welaýatyndan atylan Bora raketasynyň Gara deňiziň içindäki nyşanany ýok edendigine we şeýlelik bilen 280 kilometrlik uzaklyga gidip bilýän raketanyň Türkiýäniň güýjüni görkezendigine ünsi çekýär.

Watan gazedi: “Somalidäki türk baza sentýabr aýynda açylar” söz başyly habarynda, Londondaky Somali konferensiýasynda çykyş eden Premýer ministri Binali Ýyldyrymyň: “Eş-Şabab terror guramasyna garşy regulýar goşun gerek. Şol çäkde Somali goşunyna kömek berjek Mogadişu Anadoly harby tälim bazamyz sentýabr aýynda açylar” diýendigini ýazýar.

Ýeni Şafak gazedi: “Söwdanyň täze ugry Gara deňiz” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýolbaşçylygynda 2012-nji ýylda öz işine başlan Gara deňiz ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyma agza ýurtlaryň Stambuldaky maslahatynda Söwdanyň ýeňilleşdirilmegi strategiýasy resminamasyny kabul edendigini mälim edýär.



Degişli Habarlar