Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly beýan tapýar

577958
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazeti: “PKK-DAIŞ gatnaşygy ýüze çykdy” söz başyly habarynda, terror guramalary DAIŞ bilen PKK/PÝD-niň arasyndaky gatnaşygyň ýüze çykmaga başlandygyny mälim edýär. Gazet Siriýanyň Rakka şäheriniň golaýyndaky Suluk şäherçesinde ÝPG bilen DAIŞ-iň ýesir çalşygyny ýerine ýetirendiklerini belleýär. Habarda PÝD/PKK-DAIŞ arasynda soňky 1 ýylda eýýäm 7-nji gezek ýesir çalşygynyň bolandygy ýazylýar. Gazet Ýeni Şafak gazeti ozal hem FETÖ bilen DAIŞ-iň arasyndaky gatnaşyklar bardygy barada ençeme makala çap edendigine ünsi çekýär.

Sabah gazeti: “Türkiýe şehitlerini hatyralaýar” söz başyly habarynda, FETÖ-li dönükleriň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyna garşy döşlerini geren şehitleriň Stambulda we Antalýada geçirilen konsertler we çäreler arkaly hatyralanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet XVII Antalýa Halkara Pianino festiwalynyň 2-nji gününde Manola Karraskonyň çykyş edendigini nygtaýar. Habarda EXPO 2016 Antalýa kongres merkezinde eden çykyşynda Karraskonyň: “Nobatdaky aýdymy Türkiýede demokratiýa ugrunda ýogalan adamlaryň ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn” diýendigi we Memleketim aýdymyny ýerine ýetirendigi beýan edilýär.

Hürriýet gazeti: “Moodys-yň beýanatyna garamazdan talap artdy” söz başyly habarynda, 21-nji sentýabrda beren beýanatynda “Türkiýäniň ykdysadyýeti agdarlyşyk synanyşygynyň şokuny üstünden aýyrdy” diýip, 23-24-nji sentýabrda Türkiýäniň kredit balyny maýa goýulyp biliner derejesinden aşakladan Moodyse garşy bazarlardan şarpyk berilen ýaly jogap gelendigini habar berýär. Gazet Moodysyň Türkiýä eden hereketine garşy Döwlet hazynasynyň 3 tendrine takmynan 4 esse köp talap bildirilendigine, prosent stawkalarynyň hem garaşylandan pes bolandygyna üns çekilýär. Habarda Wise-premýer Mehmet Şimşegiň Twitter arkaly: “Kredit balyndaky peselişe garamazdan Döwlet Hazynasy tarapyndan açylan tendrlere güýçli talap bildirildi we prosent stawkalar garaşylandan pes boldy” diýendigi ýazylýar.

Star gazeti: “Ýewraziýa Boat Show başlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Deňizçilik pudagynyň iň uly çäresi bolan CNR Ýewraziýa Boat Show 2016 halkara deňiz ulaglary, enjamlary we aksessuarlary fuarynyň başlaýandygyny mälim edýär. Gazet fuaryň bu ýylkysynda mega ýahtalaryň, gaýyklaryň, ýelkenli deňiz ulaglarynyň we olaryň enjamlarynyň sergilenjekdigini belleýär. Habarda 300-den gowrak kärhananyň gatnaşmagynda geçirilýän çärä 35 müň adamyň gelmegine garaşylýandygy aýdylýar.

Haber Türk gazeti: “Türk futbolçylar Ýewropada parlaýar” söz başyly habarynda, Ýewropanyň tanymal komandalarynda oýnaýan türk futbolistleriň şu hepde görkezen görkezijileri bilen ünsleri özlerine çekendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Britaniýanyň Mançester Siti komandasyndan Gollandiýanyň Twente komandasyna kärendä berilen Enes Ünalyň şu hepde Witesse komandasy bilen oýnalan oýunda 1 gol atandygy we şeýlelik bilen 5 duşuşykda jemi 6 gol atandygy habar berilýär. Gazet Fransiýanyň Mes toparynda oýnaýan Mewlüt Erdinçiň bolsa şu sezonda eýýäm 6-njy goluny atandygyny nygtaýar. Gazet Barselonada oýnaýan Arda Turanyň we Meinz 05 futbol komandasynda oýnaýan Ýunus Mallynyň bu hepde 1 gol atandyklaryny we 1 asist berendiklerini beýan edýär.



Degişli Habarlar