Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 07.06.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanşykly habarlar gazetlerde giňişleýin ýer alýar

86166
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 07.06.2014

“Milliýet” gazetiniň “Şäherleriň gurluşyk meýilnamasy üçin habarnamalar taýar” söz başyly habarynda, Türkiýede şäherleriň döwrebap şäherçilik ýörelgelerine laýyklykda ýaňadandan abatlanmagyny göz öňünde tutýan Şäherleriň gurluşyk meýilnamasynyň çäginde 81 şähere degişli işleri tamamlandygyny we hünärmenleriň kanuny üýtgetmeleriň hem gysga wagtda kabul edilmegi dogrusynda çagyryş berendigini ýazýar
“Ýeni Şafak” gazetiniň “Daşary ýurtly maýadarlar täze ýyldan bäri gymmatly kagyzlar biržasyna 703 million dollar gazandyrdy” söz başyly habarynda, “Stambulyň gymmatly kagyzlar biržasy tarapyndan berlen beýanata görä, maý aýyndan bäri daşary ýurtlylar 7,07 million dollar almagyň ýanynda 6,3 million dollar satdy”diýilýär.
Gazetiň “Anemiýanyň bejerilmegi üçin bäbeklere tölegsiz derman berler” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministrliginiň anemiýanyň anyklanmagy we bejerilmegi üçin başladan “Demir ýaly Türkiýe taslamasynyň” netijeleriniň belli bolandygyny belleýär.
Gazet Türkiýede 5 ýaşyna çenli çagalaryň 50 göteriminde gan azlyga ýagny anemiýa anyklandygyny we ýürek we dem alyş ýetmezçiligi ýaly birnäçe hassalyga sebäp bolan anemiýa üçin 4-12 aýlyk bäbeklere tölegsiz dermanyň beriljekdigini nygtaýar.
Gazet “Türk kino sungadynyň iň gowy 100 filmi halkyň sesi bilen kesgitlener” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çeligiň mesele barasynda beren ýazmaça beýanatynda türk kino sungadynyň 100 ýyllygynyň bellenilip geçilýändigini we ministrlik hökmünde halkyň kino filmine bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmagy maksat edinýändikleri” hakyndaky sözlerine ýer berýär.
Gazet ministr Çeligiň “Ylmy işgärler, hünärmenler we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan kestilenen 500 filmiň arasyndan saýlanan 300 film halka hödürlener. 1-nji sentýabra çenli dowam etjek sese goýulşyga gatnaşmak üçin uşları tarafından belirlenen 500 film arasından seçilen 300 film halkımızın oyuna sunulacak. 1 Eylül'e kadar sürecek oylamaya katılmak için 'http://100yil100film.gov.tr/' ýada 'http://www.yuzyilyuzfilm.gov.tr/' salgylaryndan alyp bilersiňiz” diýendigini ýatladýar.
“Akşam” gazeti Antalýada geçirlen on sekizinji şaý sep ýarmarkasy bilen baglanşykly habarlary okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet şaý sepleri tanadan rus modeli İrina Şeýkiň ünsleri özüne çekendigini belleýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar