Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.06.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanşykly habarlar gazetlerde giňişleýin ýer alýar

81303
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.06.2014

“Star” gazeti “Palestinada taryhy ylalaşyk”söz başyly habarynda Hamas bilen Al Fetih guramalarynyň arasynda gazanylan ylalaşykdan soň milli jebislik hökümetiniň resmi taýdan gurlandygyny ýazýar.
Gazet gazanylan milli ylalaşygyň çäginde gurlan milli jebislik hökümetiniň ministleriniň Ramallah şäherinde Prezident Mahmud Abbasyň öňünde kasam edendigini nygtaýar.
Gazet Gazadaky Palestinanyň ozalky hökümetiniň Premýer ministri İsmail Haniýäniň bolsa ilkinji işiň Gazanyň ýaňadandan dikeldilmegi we gabawyň bes edilmegi boljakdygyny nygtap Gaza berýän kömekleri sebäpli Türkiýe, Katar we Müsür bilen birlikde birnäçe ýurda öz minnetdarlygyny bildirendigini belleýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Maldowa we Belarussiýa bilen wizasyz syýahat döwüri başlady” söz başyly habarynda Türkiýäniň baglaşan şertnamalary netijesinde wizasyz syýahat edilip bilinjek ýurtlaryň sanynyň barha köpelýändigini we şol sanawa Maldowa bilen Belarusyň hem degişli edilendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Daşary işler ministrliginiň baglaşylan iki taraply şertnamalar netijesinde soňky gezek Belarusiýa we Maldowa bilen wizalaryň bes edilendigine aýratyn ünsi çekendigini belleýär.
Habarda Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda ady agzalýan şertnamalaryň ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy simwoly bolandygyna üns çekilendigi ýatladylýar.
“Akşam” gazeti Anadoly bürgütleri işewür adamlary jemgyýetiniň çakylygyna laýyklykda Türkiýä gelen Statforyň esaslandyryjysy Jorj Friedmanyň “Geljek 100 ýyl” atly kytabynda Türkiýäniň sebitara güýç boljakdygy we şu günki Türkiýäniň ýeten sepgidiniň özüni mamla görkezýändigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.
“Haber Türk” gazeti Bodrumda ertir geçiriljek Türki dilli ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň maslahatyna gatnaşjak ýurtlaryň ýokary derejeli buýrokratlarynyň ýahta arkaly gezelenç edendigini ýazýar.
“Ýeni Şafak” Din işleri edarasynyň 2013-nji ýylda 779 adamyň yslam dini kabul edendigini beýan edendigini nygtaýar.
Gazet taýarlanan soňky görkezijilere görä esasan hem zenanlaryň musulman bolandygyny ýatladýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar