Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.06.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanşykly habarlar gazetlerde giňişleýin ýer alýar

78735
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.06.2014

“Star” gazeti “10-njy awgust öwrülşik güni bolar” söz başyly habarynda Premýer ministr R. T. Erdoganyň 10-njy awgustda geçiriljek prezident saýlawlarynyň Türkiýäniň demokratiýasy üçin uly öwrülşik nokady boljakdygy we “Kim saýlansa saýlansyn Türkiýe 2023-nji ýyla tarap aýgytly ädimler bilen öňe gider” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Habarda Premýer ministr Erdoganyň 10-njy awgustda geçiriljek saýlawlardan ozal halka ýüzlenip eden çykyşynda “Erkin ýagdaýda Türkiýe Respublikasynyň prezidentini saýlarys” diýendigini ýatladýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Mawi Marmara üçin jemlenişdiler” söz başyly habarynda Gaza ynsanperwer kömegini alyp barýan we halkara suw giňişliginde Ysraýylly esgerleriň hüjümine sezewar bolan Mawi Marmara gämisinde şehit edilen 10 meýletiniň hatyralanandygyny ýazýar.
Habarda gyrgynçylygyň 4-nji ýylynda 10 şehit üçin müňlerçe adamyň Stambulyň Soltanahmet metjidiniň öňünde jemlenşendigi nygtalýar.
Gazet Mawi Marmara şehitleri üçin raýatlaryň doga okandygyny ýatladýar.
“Sabah” gazeti “Fransiýada Le Pen garşylygy” söz başyly habarynda fransuzlaryň 2/3göteriminiň Ýewropa Parlament saýlawlarynda üstünlik gazanan aşa sagçy lider Le Peni howp hökmünde görýändigini ýazýar.
Gazet Ýewropa Parlament saýlawlarynda garaşylýanyndan has köp ses alan aşa sagçy partiýalaryň üstünlik gazanandygyny we bu ýagdaýa ÝB-ne agza ýurtlary aladalandyrýandygyny belleýär.
Gazet fransuzlaryň Le Peniň ýeňişini “aladalandyryjy” hökmünde häsiýetlendirýändigini, Britaniýada sagçy Birleşen Şalyk garaşsyzlyk partiýasynyň üstünliginiň wagtlaýyndygy hakynda pikir edilýändigini belleýär.
“Milliýet” gazeti üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde daşary ýurtlylaryň Türkiýede 1141 firma açandygyny ýazýar.
Gazet Türkiýäniň daşary ýurtly maýadarlar üçin ynamdar portdygyny aýdan Gümrük we Söwda ministri Haýati Ýazyjynyň ýanwar-mart aýlaryny öz içine alýan döwürde 199 anonim firma we 78 ýurtdan 942 limited firma bolmak bilen daşary ýurt sermaýaly jemi 1141 firmanyň açylandygy hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet ministr Ýazyjynyň Türkiýä maýa goýan daşary ýurtly firmalaryň jemi sermaýa mukdarynyň 213 million türk lirasyna barabardygy hakyndaky sözlerine ünsi çekýär.

.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar