Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.05.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

78170
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.05.2014

“Ýeni Şafak” gazeti “Parpaýa galdyran ylalaşyk” söz başyly habarynda Türkiýe nebitleri paýdarlar jemgyýeti “TPAO-nyň” fransuz firmasy “Totalyň” Şahdeniz taslamasyndaky 10 göterimlik paýyny alyp, paýynyň mukdaryny 19 göterime ýetirýän şertnama gol çekilendigini ýazýar.
Gazetiň habar bermegine görä Premýer ministr R.T.Erdogan Türkiýäniň Şahdeniz tebigy gaz känime we Trans Anadoly Tebigy Gaz Turba Geçiriji Taslamasyna (TANAP) şärikliginiň artdyrylmagy barasyndaky şertnamadaky hususlardan esasanda ikisiniň Türkiýe we firmalardan taýdan möhümdigini aýtdy. Erdogan “ Bulardan biri BOTAŞ-yň TANAP turba geçirijisinde 20 göterime barabar bolan paýyny 30 göterime ýetirmegi. İkinjisi bolsa Türkiýe nebitleri paýdarlar jemgyýetiniň Şahdeniz känindäki paýynyň 9 göterimden 19 göterime ýetmegidir” diýdi.
“Watan” gazeti Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jaý Karni wezipesinden çekildi” söz başyly habarynda ABŞ-da Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jaý Karniniň wezipesinden çekilendigini ýazýar. Habarda Karniniň wezipesinden çekilendigini Prezident Barak Obamanyň habar berendigini, emma Waşington üçin garaşylmadyk kararyň sebäbiniň habar berilmändigi nygtalýar.
“Star” gazeti “Mejlisiň magdançylary begendirjek başlangyjy” söz başyly habarynda magdançylar üçin düýpli üýtgetmeleri öz içine alýan kanun taslamasynyň Mejlisiň garamagyna hödürlenendigini ýazýar.
Habarda kanun taslamasynda magdançylaryň iş düzgüni, ýyllyk rugsatlary, aýlyklary we beýleki hukuklary täzeden düzgünleşdirilýär. Täze kanuna görä zähmet rugsatlarynyň artandygy, iş sagatlarynyň azalandygy, hormatly dynç alyşa çykma ýaşynyň bolsa 55-den 50-ä düşürilendigi nygtalýar.
“Hürriýet” gazeti “Diwarlary ýalamak gadagan” söz başyly habarynda Boliwiýada bir million kub metr duzdan dünýäniň ilkinji duz myhmanhasynyň gurulandygyny ýazýar. Gazet Günorta Amerika ýurtlaryndan biri bolan Boliwiýanyň duz känlerinden dünýäniň iň baý duş ýataklaryndan biri bolan Salar de Uýuni duz kölüniň golaýynda gurlan duzdan myhmanhanyň uly gyzyklanma döredendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar