Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.05.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanşykly habarlar gazetlerde giňişleýin ýer alýar.

77220
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.05.2014

“Ýeni Şafak” gazeti “Buýsandyk” söz başyly habarynda Premýer ministr R. T. Erdoganyň İzmir şäherinde geçirlen dünýäniň iň uly harby türgenleşiklerinden biri bolan Efes 2014-e gatnaşandygyny ýazýar.
Gazet Premýer ministr Erdoganyň ýerli we daşary ýurtly firmalar tarapyndan öndürlen ýaraglaryň ulanylan harby oýunlaryna syn edendigini belleýär.
“Akşam” gazeti “Ýylyň birinji çärýeginde açylan firmalaryň sany 15 müňden geçdi” söz başyly habarynda Gümrük we söwda ministri Haýati Ýazyjynyň Türkiýede üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde açylan firmalaryň sanynyň 15 müň 713–e ýetendigi hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet ministr Ýazyjynyň açylan firmalaryň sanynyň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 20 göterim ýokarlandygyna aýratyn ünsi çekendigini belleýär.
“Sabah” gazetiniň ykdysadyýet sahypasynda çap edilen “Grek banklaryna türk möhüri” söz başyly habarynda grek banklarynyň infstrukturasyny türkleriň taýarlandygyny ýazýar.
Gazet Türk İnnowa firmasynyň 900 şahamçasy bolan Grek Piraeus bankynyn kiosklaryny gurandygyny belleýär.
“Haber Türk” gazeti “Gurluşyk pudagy bu aý hem depginini gowşatmady” söz başyly habarynda Türkiýede gün saýyn güýçlenýän gurluşyk pudagynyň 2014-nji ýylda hem uly öňe gidişlik edendigini habar berýär.
Gazet diňe üstümizdäki aýda täze 15 taslamanyň tanyşdyrlandygyny, iýun aýynda hem täze taslamalaryň tanyşdyrylmagy üçin taýarlyk görülýändigini belleýär.
“Haber Türk” gazeti “Dünýäde 1,5 milliard adamyň işi ýok” söz başyly habarynda Halkara İş guramasynyň soňky habarnamasyna görä, galkynyşyň bosagasyna gelen we ösüp barýan ýurtlarda ykdysady taýdan uly öňe gidişligiň edilýändigini emma ýurduny terk eden adamlaryň sanynyň hem ýokarlaýandygyny ýazýar.
Gazet işsizleriň sany barasynda aýdylanda bolsa dünýäde 1,5 milliard adamyň yzygiderli işiniň we sosial ätiýaçlandyrşynyň ýokdygyna ünsi çekýär.
Gazet Halkara İş guramasynyň habarnamasynda günde 2 dollardan hem has az pul bilen işleýänleriň sanynyň 839 müň hökmünde görkezilendigini belleýär.
“Star” gazeti “Dünýäniň iň gadymy diş implanty”söz başyly habarynda Fransiýada geçirlen gazuw agtaryş işlerinde arheologlaryň geň galdyryjy galyndy tapandygyny ýazýar.
Gazet biziň eramyzdan ozalky 3-nji asyra degişli zenanyň jesedini barlan hünärmenleriň dakylan dişe gabat gelendigini nygtaýar.
Gazet diş implantynyň Demir döwrüne degişli zenanyň jesedinden çykandygyny ýatladýar.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar