Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.05.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

75574
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.05.2014

“Haber Türk” gazeti “Jomartlygyňyzy diýseň möhüm” söz başyly habarynda Prezident Abdulla Gülüň bir günlük resmi sapar bilen Türkiýä gelen Norwegiýanyň daşary işler ministri Borge Brend bilen duşuşandygyny ýazýar. Gazet Brendiň Türkiýäniň Siriýadaky içerki uruşdan gaçan siriýalylara bolan jomartlarça çemeleşmesiniň diýseň gymmatlydygyny aýdandygyny nygtaýar. Habarda Brendin “Türkiýe Siriýadaky dartgynlyga syýasy çözgüt tapmak üçin esasy öňbaşçy” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Brýussel bulam-bujar” söz başyly habarynda Ýewropadaky saýlawlaryň emele getiren syýasy çaýkanşygynyň täsiriniň dowam edýändigine ünsi çekýär. Gazet ÝB-ne agza 28 ýurtdaky saýlaw marafonunyň yslamafobiýanyň tarapdarlary bilen bosgunlara garşy durýan rasistler bilen ÝB-ne garşy durýan milletçi hem-de aşa çepçi partiýalaryň gazanan üstünliginden soň howsala düşen ÝB-ne agza ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň “ýitginiň anyklanmagy” üçin Brýusselde nobatdan daşary malahat geçirendigini ýazýar. Gazet maslahatdan ozal beýanat beren we ilkinji tankydy belligi aýdan Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olandyň ÝB-niň ygtyýarlaryny azaltmalydygyny aýdandygyna ünsi çekýär. Gazet Olandyň “Ýewropa ýönekeý, aç-açan bolmaly. İşjeň bolmaly we çetde durmaly ýerlerini bilmeli. ÝB ýewro giňişligindäki çökgünligi ýeňdi. Emma nämäniň hasabyna? Tygşytlylyk çäreleri adamlaryň umydyny ýok etdi” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň bolsa ilkinji nobatda ykdysadyýeti güýçlendirmegiň möhümdigini nygtandygy beýan edilýär.
“Akşam” gazetiniň ykdysadyýet sahpasynda çap edilen “Hilti Türkiýäni saýlap aldy, 2013-nji ýylda 34 göterim ösüş etdi” söz başyly habarynda gurluşyk işlerinde, abatlaýyş, mehanika, elektrik, energetika we senagat pudaklarynda işleýän hünärmenler üçin önüm öndürýän hem-de hyzmat hödürleýän “Hilti Türkiýäniň” 34 göterim ösüş edendigini mälim edýär. Gazet 120-den gowrak ýurtda iş alyp barýan, 17 ýyldan bärem Türkiýe bazarynda bolan “Hiltiniň” soňy 3 ýyldan bäri Türkiýe ofisini Orta Aziýadan we Yrakdan jogapkär baza hökmünde saýlap alandygyny ýazýar.
“Star” gazeti “İtaliýanlaryň ägirt uly derman maýa goýumy” söz başyly habarynda Türkiýede 2008-nji ýyldan bäri iş alyp barýan merkezi İtaliýada ýerleşýän derman öndürýän “Rekordati” firmasynyň Tekirdag welaýatynyň Çerkezköý guramaçylykly senagat zolagynda 50 million dollarlyk desganyň gurluşygyna badalga berilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet täze önümçilik desgasynde jemi 18 müň inedördül metr ýapyk meýdanyň boljakdygyna we fabrigiň 2015-nji ýylda ulanmaga beriljekdigini mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar