Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.05.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

73867
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.05.2014

“Haber Türk” gazeti “Ýewropada rasizm güýçlenýär” söz başyly habarynda Ýewropa Parlamentiniň saýlawlarynyň rasist partiýalaryň güýçlenmegi bilen tamamlanandygyny ýazýar. Fransiýada häkimiýet başyndaky partiýanyň agyr ýeňilişe sezewar bolandygyna ünsi çekýän gazet, Germaniýada-da häkimiýetiň başyndaky partiýanyň sesiniň azalandygyny belleýär. Habarda Ýewropa boýunça alýan sesleriniň mukdary azalan Hristiýan demokratlaryň Ýewropa Parlamentine 211 halk deputatyny ugratjak esasy topar bolmagynda galjakdygyna üns çekilýär. Gazet sesleriniň mukdaryny artdyran rasist partiýalaryň bolsa Ýewropa Parlamentinde 40 halk deputaty bilen wekilçilik ediljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Ýewropa maýa goýumda nurbady towlady” söz başyly habarynda ÝB-ne agza ýurtlardan Türkiýä gelýän gönüden maýa goýumlarynyň şu ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 56,2 göterim artandygyny mälim edýär. Habarda Gollaniýadan gelen nagt sermaýanyň 209 million dollardan 1 milliard 168 million dollara ýetmeginiň ünsleri çelendigi nygtalýar. Gazet üstümizdäki ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň aralygynda ÝB-ne agza däl Ýewropa ýurtlaryndan gelen nagt sermaýanyň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilen 302 göterim artandygyna ünsi çekýär.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýede öndürip Ýewropada öser” söz başyly habarynda Ýaponiýanyň ulag tigirini öndürýän firmalaryndan “Bridgestonyň” Ýewropada maliýe çökgünliginden soň ösüşini Türkiýeden başladandygyny ýazýar. Gazet Ýewropada 6 fabrigi bolan ýapon firmasynyň sebitde soňky ýyllarda goýan esasy maýa goýumynyň Türkiýäniň Aksaraý welaýatynda gurjak 300 million dollarlyk fabrik boljakdygyny belleýär.

“Sabah” gazeti “Hytaýyň esasy firmalaryndan ýene-de biri Türkiýä gelýär” söz başyly habarynda dünýäniň iň uly banky bolan Hytaýyň “İCBC-niň” Türkiýede şahamça açmagynyň hytaýly firmalarynyň hem ünsüni çekendigini ýazýar. Gazet Hytaýyň esasy demir öndüriji firmasy bolan “Suerdanyň” “SRJ Grouop” firmasy bilen Türkiýede demir öndürjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Dogalar Magraja beýgeldi” söz başyly habarynda üç tirkeşiň mukaddes gijelerinden ikinjisi bolan Magraç gijesinde metjitleriň dolup-daşandygyna ünsi çekýär. Açylan elleriň günäleriň geçilmegi üçin ýakarandygyny ýazýan gazet, dogalarda Soma etrabynda pida bolan magdançylaryň hem ýatdan çykarylmandygyny nygtaýar.

“Akşam” gazeti “Kanyň Bilgesine döwlet minnetdarlyk bildirdi” söz başyly habarynda Türkiýä 32 ýyl aradan soň Altyn Palma buýsanjyny başdan geçirden Nuri Bilge Jeýlanyň bütin dünýäde ünsleri özüne çekendigini ýazýar. Habarda Prezident Abdulla Gülüň we Premýer ministr R.T.Erdoganyň Nuri Bilge Jeýlany gutlandygy mälim edilýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar