Aliýew Bilen Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Blinken Prezident Aliýewi, Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda serhetleriň kesgitlenilmegi meselesinde gazanylan ylalaşyk sebäpli gutlady
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannamada, Blinkeniň Prezident Aliýewi, Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda serhetleriň kesgitlenilmegi meselesinde gazanylan ylalaşyk sebäpli gutlandygyna we ABŞ-niň şol ylalaşyga goldaw berýändigine ünsi çekendigi nygtaldy.
Serhetleriň kesgitlenilmegi üçin işe girişilmeginiň diýseň möhümdigini nygtan Prezident Aliýew, Azerbaýjanyň parahatçylygyň dowam etdirilmegini isleýändigini nygtady.
Aliýew bilen Blinken telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi, adam hukuklary, energetika we howa çalşygy meselesi hakynda hem pikir alyşdy.
Degişli Habarlar
Erdogan Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Erdogan bilen Aliýew Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy