Türkiye Gazagystana Gynanç Bildirdi
Türkiye Gazagystanda başdan geçirilen sil apaty sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi
Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Gazagystanyň tapawutly ýerlerinde dowam edýän sil apatlarynyň netijesinde on müňlerçe gazak raýatynyň ewakuasiýa edilmäge mejbur galynmagyna we çekilýän agyr ýitgilere çuňňur gynanç bildirilýändigi habar berildi.
Gazagystanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirilen beýanatda: "Türkiye betbagtçylyk sebäpli ýüze çykan ýaralary bejermek üçin her dürli kömek bermäge taýýardyr" diýip mälim edildi.
Gazagystanda garlaryň eremegi sebäpli ýüze çykan suw joşmalar dowam etmek bilen birlikde, suw joşmalaryň täsir ýetiren sebitlerinden takmynan 60 müňden gowrak adam ewakuasiýa edildi.
Degişli Habarlar
Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkiýede Saparda Bolýar
Jewdet Ýylmaz, özara söwda mukdaryny 15 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini belledi.
Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkiýä Geldi
Ali Asadow ilki bilen Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz bilen duşuşdy.