Ilham Aliýew, Binali Ýyldyrymy Kabul Etdi

Kabul edilşikde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

2115311
Ilham Aliýew, Binali Ýyldyrymy Kabul Etdi

Azerbaýjanyň Prezdenti Ilham Aliýew, Türki döwletleriň guramasynyň Ýaşulylar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi.

Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannama görä,  Nizami Genjewi merkezinde geçiriljek 11-nji Halkara Baku forumyna gatnaşmak üçin Bakuwa giden Binali Ýyldyrym, Prezident Aliýew tarapyndan kabul etdi.

Binali Ýyldyrym kabul edilşikde, Nizami Genjewi merkeziniň halkara meseleleriň seljerilýän esasy platformasyna öwrülendigini belledi.

Forumyň netijeli geçjekdigine ynanýandygyny nygtan Ýyldyrym, Türki döwletleriň guramasynyň Ýaşulylar geňeşine berýän goldawy üçin Aliýewe sagbolsun aýtdy.

Kabul edilşikde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

 



Degişli Habarlar