Gazagystanda Ýer Titredi

Almaty şäheriniň golaýynda 6,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

2110544
Gazagystanda Ýer Titredi

Gazagystanyň günortasynda ýerleşýän Almaty şäheriniň golaýynda 6,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Gazagystan tarapyndan berlen beýannama görä, Almaty şäheriniň 31 kilometr günortasynda ýerli wagt bilen 11.22-de 6,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Ýolbaşçylar şäheriň ýaşaýjylaryna dowla düşmezlikleri üçin duýduryş berdi.

Beýannamada ýer titremesinde adam pidasynyň çekilmändigi bellenildi.

Beýleki tarapdan ýer titremesi goňşy ýurt Gyrgyzstanyň paýtagty Bişkekde hem duýuldy.

 



Degişli Habarlar