“Ýeňiji Halkyň Ýeňiji Lideriniň” Saýlaw Ýeňişi Gutlanýar

Prezident Ilham Aliýewiň saýlawda gazanan ýeňişi gutlanýar

2099214
“Ýeňiji Halkyň Ýeňiji Lideriniň” Saýlaw Ýeňişi Gutlanýar

Azerbaýjanda, Prezident Ilham Aliýewiň saýlawda gazanan ýeňişi gutlanýar

Ýurtda düýn geçirlen prezident saýlawynda Ilham Aliýewiň gaýtadan bu wezipä saýlanandygynyň beýan edilmeginden soň, halk Bakuda bu üstünligi gutlamak üçin bir ýere jemlenişdi.

Hazar deňiziň kenarynda ýereşýän Milli seýilgähde, Haýdar Aliýew merkeziniň öňünde jemlenşen halk Ilham Aliýewiň saýlaw ýeňişini gutlady.

Azerbaýjanly saýlawçylar düýn ýurdy 7 ýyl dolandyrjak täze prezidentini saýlamak üçin ses berdi.

Azerbaýjanyň Merkezi Saýlaw geňeşiniň başlygy Mezahir Penahow, häzirki prezident İlham Aliýewiň saýlawyň resmi bolmadyk netijelerine görä, sesleriň 92,1 göterimini alandygyny habar berdi.

21 ýyldan bäri Azerbaýjany dolandyrýan Ilham Aliýew, 5-nji gezek gatnaşan saýlaw ýaryşynda üstünlik gazandy.

Haýdar Aliýewiň aradan çykmagyndan soň 2003-nji ýylda geçirlen prezident saýlawynda üstünlik gazanan Ilham Aliýew, 21 ýyllyk häkimiýetinden soň “ýeňji halkyň ýeňiji lideri”şygary bilen gatnaşan soňky saýlawynda hem üstünlik gazandy.

 

 

 



Degişli Habarlar