Azerbaýjanda Prezident saýlawy geçirilýär

Azerbaýjanda şu gün möhletinden irki Prezident saýlawy geçirilýär

2098679
Azerbaýjanda Prezident saýlawy geçirilýär

Saýlawçylar prezident wezipesine ýaňadandan dalaşgär bolan ýurduň häzirki prezidenti Ilham Aliýew bilen birlikde 7 dalaşgäriň arasynda Azerbaýjany öňümizdäki 7 ýyl dolandyrjak täze prezidentini saýlamak üçin ses berýärler. 

Ses bermek işleri ýerli wagt bilen sagat 08:00-da başlady.

6,5 million saýlawçynyň bar bolan ýurtda, raýatlar ýurduň öz içinde we daşary ýurtlarda döredilen 6500 saýlaw merkezinde ses berýär. 

Azerbaýjanyň Ermenistan tarapyndan azat edilen sebitlerinde hem saýlaw merkezleri döredildi. Şeýlelik bilen 30 ýyl arakesmeden soň ilkinji gezek Azerbaýjanyň ähli territoriýasynda saýlaw geçirilýär. 

Garabag sebitiniň simwol şäheri Şuşa şäherinde, bir wagtlar separatist ermeni dolanşygynyň paýtagty bolan Hankendi şäherinde, Hojalyda, Hojawentde, Agderede, Agdamda, Jebraýylda, Fuzulide, Zengilanda, Gubadlyda, Laçynda we Kelbejerde 22 müňden gowrak saýlawçy prezident saýlawy üçin ses berer. 

Daşary ýurtlarda ýaşaýan Azerbaýjanyň raýatlary bolsa ýaşaýan ýurtlaryndaky Azerbaýjan ilçihanalarynda döredilen saýlaw merkezlerinde ses bererler. 

Saýlawa tapawutly halkara guramalardan we ýurtlardan takmynan 800 daşary ýurtly, 90 müň ýerli synçy syn eder. 

Ýerli metbugat gulluklary bilen birlikde takmynan 200 daşary ýurtly metbugat işgäri gözegçilik eder. 

Ses bermek işleri 19:00-da tamamlanar. 

Saýlawda Täze Azerbaýjan partiýasynyň dalaşgäri, ýurduň häzirki Prezidenti Ilham Aliýew bilen birlikde, Milli front partiýasynyň başlygy Razi Nurullaýew, Beýik Gurluş partiýasynyň başlygy Fazyl Mustafa, Beýik Azerbaýjan partiýasynyň başlygy Elşad Musaýew, Bütin Azerbaýjan halk fronty partiýasynyň başlygy Kudret Hasanguliýew we garaşsyz dalaşgärler Zahid Oruç we Fuat Aliýew özara bäsleşerler. 



Degişli Habarlar