Olžas Bektenow Gazagystanyň Täze Premýer-ministri Boldy

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew, Bektenowyň premýer-ministr hökmünde bellenmegi baradaky karary tassyklady.

2098473
Olžas Bektenow Gazagystanyň Täze Premýer-ministri Boldy

44 ýaşyndaky Olžas Bektenow Gazagystanyň Premýer-ministri hökmünde bellendi.

Mesele hakynda berlen beýannama görä, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew, Bektenowyň premýer-ministr hökmünde bellenmegi baradaky karary tassyklady.

Şeýlelikde Olžas Bektenow Gazagystanyň täze Premýer-ministri boldy.

Mejlisde esasy köplüge eýe bolan Amanat partiýasynyň teklibine laýyklykda Prezident Tokaýew tarapyndan premýer-ministrlige hödürlenen Bektenowyň dalaşgärligi Gazagystanyň Parlamentiniň aşakky ganady Mejlis tarapyndan hem tassyklandy.

Prezident Tokaýew, Mejlisde eden çykyşynda, Amanat partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Bektenowa goldaw berýändigini aýtdy.

 

 



Degişli Habarlar