Azerbaýjanda ertir prezident saýlawy geçiriler

Azerbaýjanly saýlawçylar ertir Prezident saýlawy üçin ses bererler

2098354
Azerbaýjanda ertir prezident saýlawy geçiriler

Ýurduň häzirki Prezidenti Ilham Aliýewiň ýaňadandan dalaşgär boljak saýlawda, 7 dalaşgär 7 ýyllyk möhlet üçin özara bäsleşerler. 

Azerbaýjanyň Merkezi saýlaw geňeşi, Prezident saýlawy üçin ýurduň içinde we daşary ýurtda 6 müň 537 saýlaw merkezi döredildi. 

Soňky maglumatlara görä ýurtda takmynan 6,5 milli bellige alynan saýlawçy bar. 

Daşary ýurtlarda bolan Azerbaýjanyň raýatlary seslerini häzirki wagtda bolan ýurtlaryndaky Azerbaýjanyň ilçihanalarynda bererler. 

Saýlawa tapawutly halkara guramalardan we ýurtlardan takmynan 800 daşary ýurtly, 90 müň ýerli synçy syn eder. 

Ýerli metbugat gulluklary bilen birlikde takmynan 200 daşary ýurtly metbugat işgäri gözegçilik eder. 

Ses bermek işleri bolsa ýerli wagt bilen sagat 08:00-da başlar we 19:00-da tamamlanar. 

Saýlawda Täze Azerbaýjan partiýasynyň dalaşgäri, ýurduň häzirki Prezidenti Ilham Aliýew bilen birlikde, Milli front partiýasynyň başlygy Razi Nurullaýew, Beýik Gurluş partiýasynyň başlygy Fazyl Mustafa, Beýik Azerbaýjan partiýasynyň başlygy Elşad Musaýew, Bütin Azerbaýjan halk fronty partiýasynyň başlygy Kudret Hasanguliýew we garaşsyz dalaşgärler Zahid Oruç we Fuat Aliýew özara bäsleşerler. 



Degişli Habarlar