"Türki Döwletletiň Guramasyna agza döwletleriň arasyndaky söwda mukdary 42 milliard dollara ýetdi"

Ömer Bolat Stambulda geçirilen Türki döwletleriniň bäsdeşlik geňeşiniň 1-nji maslahatynda we dabarasynda çykyş etdi

2092375
"Türki Döwletletiň Guramasyna agza döwletleriň arasyndaky söwda mukdary 42 milliard dollara ýetdi"

Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat, Türki Döwletletiň Guramasyna agza döwletleriň arasyndaky söwdanyň soňky ýyllarda örän artýandygyny belläp: "Türki Döwletletiň Guramasyna agza döwletleriň arasyndaky söwda mukdary 2022-nji ýylda 33 milliard dollar bolan bolsa, 2023-nji ýylda 42 milliard dollara ýetdi" diýip habar berdi. 

Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat Stambulda geçirilen Türki döwletleriniň bäsdeşlik geňeşiniň 1-nji maslahatynda we dabarasynda eden çykyşynda: "Türki Döwletletiň Guramasyna agza döwletleriň arasyndaky söwda mukdary 2022-nji ýylda 33 milliard dollar bolan bolsa, 2023-nji ýylda 42 milliard dollara ýetdi. Bu bolsa biziň agza döwletlerimiziň dünýä bilen amala aşyran jemi eksportyň kiçi bölegini emele getirýär" diýip beýan etdi. 

Türki döwletleriniň bäsdeşlik geňeşiniň resmi ýagdaýda açylandygyny aýdan Ömer Bolat, şol geňeşiň ykdysady gatnaşyklarda, söwda gatnaşyklarynda, önümçilikde we dünýädäki wakalara gözegçilik ugrunda maglumat, tejribe paýlanşygy taýdan örän möhüm missiýany öz üstüne aljakdygyny habar berdi. 

Ömer Bolat: "Ösýän ýurtlarda bäsleşigiň medeniýetini we düşünişini ýaýratmak we guramaçylygyň ýola goýulmagy taýdan Bäsdeşlik guramamyz möhüm işler ýerine ýetirýär. Biz hem Söwda ministrligi hökmünde şolar bilen ýakyndan gyzyklanýarys we goldaw berýäris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar