Daşary Işler Ministri Fidan, Bişkekde Saparda Boldy

Prezident Sadyr Japarow, resmi sapar bilen Bişkege giden Daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi.

2086572
Daşary Işler Ministri Fidan, Bişkekde Saparda Boldy
Hakan Fidan Kırgızistan'da 7.jpg
Hakan Fidan Kırgızistan'da 8.jpg
Hakan Fidan Kırgızistan'da, Sadır Caparov 8 .jpg

Gyrygyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, resmi sapar bilen Bişkege giden Daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi.

Mesele hakynda berlen beýannama görä, Japarow, Fidan bilen bolan duşuşygynda özara gatnaşyklar, saglygy goraýyş, energetika we maliýe pudagy bilen birlikde sebitleýin howpsuzlyk meselesi hakynda pikir alyşdy.

Duşuşykda, Prezident R. T. Erdoganyň Gyrgyzstana guramagy meýilleşdirýän resmi sapary we Bişkekde geçiriljek Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty üçin görülýän taýarlyklar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Japarow, Gyrgyzstan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň gün saýyn pugtalanmagyna kanagatlanma bildirdi.

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk barada hem durup geçen Japarow, Türk-Gyrgyz hökümetara komissiýanyň paýtagt Ankarada geçirjek maslahatynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Gyrgyzstanyň Prezidentine myhmansöýerligi üçin sagbolsun aýdan Fidan hem, iki ýurduň liderleriniň öňbaşçylygynda özara hyzmatdaşlygyň gün saýyn pugtalanýandygyny aýtdy.

Daşary işler ministri Hakan Fidan, saparynyň çäginde Bişkekde Mejlisiň başlygy Nurlanbek Şakiýew tarapyndan hem kabul edildi.

Gyrgyzstanyň Mejlisi tarapyndan berlen beýannama görä, Şakiýew bilen Fidan duşuşykda özara syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň we parlametara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada pikir alyşdy.

 

 

 



Degişli Habarlar