Azerbaýjan Ermenistan Bilen Parahatçylygy Ýola Goýmak Isleýär

Azerbaýjanyň Prezidentiniň Kömekçisi Hikmet Hajyýew ýurdunyň Ermenistan bilen parahatçylygy ýola goýmak isleýandigini aýtdy.

2084509
Azerbaýjan Ermenistan Bilen Parahatçylygy Ýola Goýmak Isleýär

“Berliner” gazetine beýannama beren Hikmet Hajyýew, Ermenistan bilen gatnaşyklarda käbir oňyn öňegidişlikleriň bardygyny mälim etdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew bilen Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda iki hepde ozal geçirilen netijeli duşuşyga ünsi çeken Hajyýew, mundan ozal üstünlikli ýesir çalşygyny edendiklerini ýatlatdy.

Özara gepleşikleriň töwelleçasyz geçirilendigini beýan eden Hajyýew, henizem iki ýurduň arasynda Zengezur geçelgesi ýaly käbir dünüşmezlige sebäp bolýan meseleleriň bardygyny, emma Ermenistan bilen parahatçylygy ýola goýmagy maksat edinýändiklerini nygtady.



Degişli Habarlar