Altun, Ankarada Kipr Hakykatlary Sergisi Baryp Gördi

Altun rumlaryň Kipr türklerine geçmişde eden etniki saplaýyş we çetleşdiriş aksiýalaryny ýatdan çykartmazlyk üçin ellerinden geleni etjekdiklerini aýtdy.

2084687
Altun, Ankarada Kipr Hakykatlary Sergisi Baryp Gördi

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun rumlaryň Kipr türklerine geçmişde eden etniki saplaýyş we çetleşdiriş aksiýalaryny ýatdan çykartmazlyk üçin ellerinden geleni etjekdiklerini aýtdy.

Altun Ankara Sungat galareýasynda we Auksionçylar öýünde açylan “Kipr hakykatlary” sergisine baryp gördi. Çärä Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar hem gatnaşdy.

Altun Kipr hakykatlaryny türk we halkara jemgyýetçiligine gürrüň bermek üçin bu sergi bilen bilelikde birnäçe çäräniň guraljakdygyny beýan etdi.

Altun; “Kipr hakykatlary” sergisinin şol çäreleriň ilkinjisidigini, jemgyýetçilik diplomatiýanyň şertlerinden peýdalanyp, Türkiýede, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda we daşary ýurtlarda Kipr meselesini, Kipr hakykatlaryny bütin dünýä, halkara jemgyýetçiligine gürrüň berjekdiklerini aýtdy.

Kipr hakykatlary diýlende taryhy taýdan meseläniň iki tarapynyň bardygyny beýan eden Altun; “Birinjiden, başdan geçirilen zulum bar. İkinjisi, şol zuluma garşy Kipr türkleriniň şanly, buýsançly göreşi bar” diýdi.

Altun sergide zulumyň we oňa garşy alynyp barylan göreşiň beýan edilýändigini nygtady.

 



Degişli Habarlar