ÝUNESKO-nuň Sessiýasy Samarkandda Geçiriler

Bu barasynda Özbegistanyň Daşary işler ministrligi beýannama çap etdi.

2068135
ÝUNESKO-nuň Sessiýasy Samarkandda Geçiriler

BMG-niň Ylym, bilim we medeniýet düzümi ÝUNESKO-nuň 43-nji sessiýasy 2025-nji ýylda Özbegistanda medeniýet paýtagty diýlip yglan edilen Samarkand şäherinde geçiriler.

Bu barasynda Özbegistanyň Daşary işler ministrligi beýannama çap etdi.

Beýannamada “Parižde geçirilýän 42-nji sessiýada nobatdaky maslahatyň Özbegistanyň guramagynda geçirilmegi hakyndaky teklibe oňyn çemeleşildi we degişli karar kabul edildi” diýilýär.

Ministrlik şeýlelikde 40 ýyldan gowrak wagt bäri ÝUNESKO-nuň Sessiýasynyň ilkinji gezek Parižden başga ýerde geçiriljekdigini nygtady.

Özbegitanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy hem Şawkat Mirziýoýewiň ýurdunyň ähli ýaranlaryna, ÝUNESKO-nuň Sesiýasynyň 2025-nji ýylda Samarkandda geçirilmegi üçin “kabul edilen taryhy hasýetli karary” goldandyklary üçin sagbolsun aýdandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar