Azerbaýjan Ermenistany Gönüden Özara Gepleşiklere Başlamaga Çagyrdy

Bu barada Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi beýannama çap etdi.

2067274
Azerbaýjan Ermenistany Gönüden Özara Gepleşiklere Başlamaga Çagyrdy

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada Azerbaýjanyň ýaraşyk şertnamasynyň taslamasy boýunça tekliplerine Ermenistanyň jogap bermegi üçin 2,5 aýyň geçmeginiň gepleşik tapgyryna uly bökdençlik emele getirýändigi nygtaldy.

Ýaraşyk gepleşiklerindäki durgunlygyň sebitde durnuklylyga we abadançylyga goşant goşmaýandygyna üns çekilýän beýannamada; “Azerbaýdan ýaraşyk şertnamasynyň gysga möhletde netijelendirilmeği üçin Ermenistan bilen gönüden ikiçäk gepleşiklere taýýar. İki ýurduň geljekdäki gatnaşyklaryna bilelikde karar bermelidigine ynanýarys” diýilýär.

Beýannamada iki ýurduň bilelikde kabul ediljek ýeriň kesgitlenmegi ýa-da serhetde maslahat geçirilmegine karar berilmegi ýaly parahatçylyk tapgyrynyň dowam etmeginden jogapkärdigi nygtalyp; “Ermenistany täze ýerliksiz gijä galmalardan çetde durmaga çagyrýarys we gepleşikleriň dessine başlamagy üçin bu çağyryşa oňyn jogap berilmegini tama edýäris” diýilýär.

Ermenistanyň Daşary işler ministrligi Azerbaýjanyň ýaraşyk şertnamasynyň teksti boýunça teklibine 2,5 soň jogap beripdi.



Degişli Habarlar