II Garabag Söweşiniň Şehitleri Uly Hormat Bilen Hatyralandy

II Garabag söweşinde Azerbaýjanyň harby goşunyndan 2 müň 908 esger şehit boldy.

2062135
II Garabag Söweşiniň Şehitleri Uly Hormat Bilen Hatyralandy

 

Azerbaýjanda, Garabag ýeňişiniň 3-nji ýylynda, topraklaryny basyp alyşlykdan halas etmek üçin janlaryny pida eden şehitler hatyralandy.

Azerbaýjanlylar II Garabag söweşinde gazanylan ýeňişiň 3-nji ýylynda şehitlerini uly hormat bilen hatyralady.

Paýtagt Bakudaky şehitlikde geçirlen çärede, şehitler üçin gül desseleri goýlup doga edildi.

2020-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda başlan II Garabag söweşinde Azerbaýjan 300-e golaý ilatly ýerini basyp alyşlykdan halas edipdi.

Azerbaýjanyň harby goşunynyň Şuşa şäherine girmegi, Ermenistanyň harby goşunynyň dargamagyna sebäp boldy.

2020-njy ýylyň 10-njy noýabrynda ýenilendiğini kabul eden Ermenistan, Agdam, Kelbejer we Laçyn welaýatlaryndan harby goşunynyň yzyna çekiljekdigi baradaky ylalaşygy tassyklady.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, 8-nji noýabry “Ýeňiş baýramy” hökmünde yglan edipdi.

II Garabag söweşinde Azerbaýjanyň harby goşunyndan 2 müň 908 esger şehit boldy.



Degişli Habarlar