Azerbaýjanyň Daşary Işler Ministri Serbiýada Saparda Boldy

Baýramow, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiç tarapyndan kabul edildi.

2061693
Azerbaýjanyň Daşary Işler Ministri Serbiýada Saparda Boldy

Serbiýa tarapyndan berlen beýannama görä, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Serbiýada saparda boldy.

Baýramow resmi saparynyň çäginde Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiç tarapyndan kabul edildi.

Kabul edilşikde özara dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna kanagatlanma bildirildi.

Prezident Wuçiç, Azerbaýjan Respublikasynyň Serbiýa Respublikasynyň territorial bitewiligine we özygtyýarlygyna berýän goldawyna kanagatlanma bildirdi.

Prezident Ilham Aliýewiň salamyny gowşuran Baýramow, Serbiýanyň alyp barýan daşary syýasatyna sarpa goýýandyklaryny belledi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow saparynyň çäginede Serbiýaly kärdeşi Iwisa Dajij bilen hem duşuşdy.



Degişli Habarlar