Prezident Erdogan Özbegistana sapar gurar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan ertir Özbegistana gider

2061477
Prezident Erdogan Özbegistana sapar gurar

Prezident Erdogan 8-9-njy noýabr aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşar. 

Şu ýyl 16-njy gezek geçiriljek sammit 2 gün dowam eder. 

Prezident Erdigan sammitiň çäginde topara gepleşikler bilen birlidke liderler bilen hem ikiçäk duşuşyklar geçirer. 

Sammitde Ysraýylyň Palestina garşy guraýan hüjümleriniň bes edilmegi, Palestina iň gysga wagtda ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi ara alynyp maslahatlaşyljak ugurlar bolar. 

Sammitde agza ýurtlaryň arasynda söwda, ykdysadyýet we medeni hyzmatdaşlyklaryň özgerdilmegi bilen bagly ädimler ele alynar. 

Sebitleýin meseleleriň hem maslahatlaşyljak sammitde sebit bilen Türkiyäniň arasynda gara ýoly arkaly aragatnaşygy ýola goýjak Zengezur geçelgesiniň soňky ýagdaýy maslahatlaşylar. 



Degişli Habarlar