TDG-na agza sebit ýurtlarynyň habarlar agentlikleri täze bileleşik dörederler

TDG-nyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew mesele bilen bagly beýanat berdi

2061034
TDG-na agza sebit ýurtlarynyň habarlar agentlikleri täze bileleşik dörederler

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew, sebit ýurtlarynyň habarlar agentlikleri täze bileleşik döretjekdigini belläp, dezinformasiýa we galp habarlara garşy bilelikde göreşiň alynyp baryljakdygyny habar berdi.

Stambulda geçirilen Türk habarlar agentlikleriniň Mediýa sammitiniň açylyşynda çykyş eden Ömüraliýew, Türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň sebitiň parahatçylygy we galkynyşy üçin uly ähmiýete eýedigini belläp, Türki döwletleriň arasynda media bileleşiginiň döredilmegi üçin gol goýjakdyklaryny mälim etdi. 

Temasy "Mediýada agzybirlik we geljekki görüş" bolan sammitde, "Türk dünýäsinde Agentlik žurnalistikasynyň täze gün tertibi" we "Türk dünýäsiniň geljekki görüşi: Täze hyzmatdaşlyk ugurlary" atly bölümler geçiriler. 

Sammitiň ahyrynda Anadoly habarlar agentligi, Azerbaýjanyň Döwlet habarlar agentligi (AZERTAC), Gyrgyzystanyň Milli habarlar agentligi (Kabar),, Özbegistanyň Milli habarlar agentligi (UzA) we Gazagystanyň habarlar gullugynyň (Qazcontent) arasynda bileleşik ylalaşygyna gol goýulmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar