Prezident Erdogan Şu Gün Gazagystana Gider

Erdogan, Türki döwletler guramasynyň 10-njy sammitine gatnaşar

2059146
Prezident Erdogan Şu Gün Gazagystana Gider

Prezident R. T. Erdogan, Türki döwletler guramasynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin şu gün Gazagystana gider.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan, noýabr aýynyň 2-3-i aralygynda Gazagystanyň paýtagty Astanada “Türk asyry” temasy bilen geçiriljek sammite gatnaşar.

Sammitiň çäginde guramanyň döwürleýin ýolbaşçylygyny Özbegistan öz üstüne alar.

Liderler sammitiň çäginde aktual sebitara we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

Prezident Erdoganyň sammite gatnaşýan ýurtlaryň liderleri bilen özara duşuşyk geçirmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar