Fransiýanyň Prezidenti Makron, Gazagystanda Saparda Boldy

Iki lider Gazak-Fransuz işewürler forumyna gatnaşdy.

2059451
Fransiýanyň Prezidenti Makron, Gazagystanda Saparda Boldy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Gazagystanda saparda boldy.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron resmi saparynyň çäginde Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew bilen paýtagt Astanada duşuşdy.

Iki lider özara duşuşykdan soň Gazak-Fransuz işewürler forumyna gatnaşdy.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, forumda eden çykyşynda, iki ýurduň energetika pudagy boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

Prezident Tokýaew, uran önümçiliginde Gazagystanyň dünýäde birinji orny eýeleýändigini, ýurdunyň Ýewropany ýangyç üpjünçiliginde uly rol oýnaýandygyny nygtady.

Fransiýanyň Prezidenti Makron hem Gazagystanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda uly rol oýnaýandygyna ünsi çekdi.

Saparyň çäginde Gazagystan bilen Fransiýanyň arasynda “strategik magdanlar” ugry boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.

 



Degişli Habarlar