Milli Goranmak Minisri Güler, Ilham Aliýew Tarapyndan Kabul Edildi

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň pajarlap ösýändigi ýatladyldy.

2055387
Milli Goranmak Minisri Güler, Ilham Aliýew Tarapyndan Kabul Edildi

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannamada, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň gatnaşmagynda geçirlen “Mustafa Kemal Atatürk 2023” türgenleşigine gatnaşmak üçin Bakuwa giden Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleriň Prezident Ilham Aliýew tarapyndan kabul edilendigi nygtaldy.

Beýannamada, kabul edilşikde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň beýleki ugurlarda bolşy ýaly harby taýdan hem pajarlap ösýändigi ýatladyldy.

Kabul edilşikde Türkiýe Respublikasynyň gurlan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan “Mustafa Kemal Atatürk 2023” türgenleşiginiň üstünlikli ýagdaýda geçirilmegine kanagatlanma bildirildi we prezidentleriň arasyndaky aragatnaşygyň gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi berýändigine üns çekildi.

Kabul edilşikde şeýle hem Azerbaýjanyň sentýabr aýynda Garabagda geçiren antiterror operasyýasy meselesi gün tertibine getirildi.

 



Degişli Habarlar