Daşary Işler Ministri Fidan Azerbaýjanda Saparda Bolýar

Fidan, Şuşada geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ministrler derejesindäki 27-nji maslahatyna gatnaşar

2048719
Daşary Işler Ministri Fidan Azerbaýjanda Saparda Bolýar

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Şuşada geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ministrler derejesindäki 27-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana gitdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Maslahatda, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň çäginde 2023-nji ýylda durmuşa geçirlen işler bilen birlikde guramanyň gün tertininde esasy orun eýeleýän meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Türkiýe, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň dost we doganlyk ýurtlar bilen birlikde sebitiň parahatçylygyna we durnuklylygyna, hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna goşant goşmaga dowam eder” diýildi.

 

 



Degişli Habarlar