Türkiýe, Türk Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Gününi Gutlady

“14 ýyl ozal Nahiçewan şertnamasy bilen döredilen Türk döwletleri guramasynyň hyzmatdaşlyk güni bilen mähirli gutlaýarys”

2045579
Türkiýe, Türk Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Gününi Gutlady

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “1992-nji ýylda Türk dilinde gepleşýän ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň sammidi hökmünde başladylan etap, agza ýurtlaryň alyp baran tutanýerli tagallasy netijesinde, şu günki günde doly üpjünçilikli halkara gurama öwrüldi” diýildi.

Beýannamada, Türk döwletleri guramasynyň, agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny we çuňlaşdyrylmagyny, milli mümkinçilikleriň utgaşykly ýagdaýda getirilmegini maksat edinýändigi bellenildi.

Beýannamada, “Türkiýe, türk dünýäsiniň has güýçlenmegi we türk hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly tagalla etmäge dowam eder” diýildi.

Beýannamada, “14 ýyl ozal Nahiçewan şertnamasy bilen döredilen Türk döwletleri guramasynyň hyzmatdaşlyk güni bilen mähirli gutlaýarys”diýildi.



Degişli Habarlar