Türkiyäniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň gatnaşmagynda türgenleşik başlady

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Türkiyäniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň gatnaşmagynda Kompýuter goldawly Buýruk beriji ştab türgenleşigi (Eternity-2023) başlady

2045681
Türkiyäniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň gatnaşmagynda türgenleşik başlady

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Azerbaýjanyň Milli Goranmak uniwersitetiniň Harby dolanşyk institutynyň Harby oýunlar merkezinde Eternity-2023 atly türgenleşigiň başlandygy mälim edildi. 

Beýanatda nazary we amaly bölümlerden ybarat türgenleşikde, 3 ýurduň harby gullukçylarynyň we degişli döwlet edaradyr-guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy bilen strategik ähmiýete eýe bolan taslamalaryň goralmagy bilen bagly wezipeleriň ýerine ýetiriljekdigi habar berildi. 

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda üç ýurduň Ýaragly güýçleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we ylalaşygyň güýçlendirilmegi maksady bilen geçirilýän türgenleşigiň 6-njy oktýara çenli dowam etjekdigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar