Tatar ýurdunyň dünýäde kabul edilmäge başlanandygyny aýtdy

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, ýurdunyň bütin dünýäde kabul edilmäge başlanandygyny habar berdi

2043670
Tatar ýurdunyň dünýäde kabul edilmäge başlanandygyny aýtdy

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar TBMM-niň Daşary işler komissiýasynyň başlygy Fuat Oktaý we komissiýanyň agzalaryny kabul etdi. 

Tatar we Oktaý duşuşykdan ozal metbugata beýannama berdiler. 

Türkiye bilen dowamly häsýetde geňeşmeler geçirýändiklerini aýdan Ersin Tatar, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji we 78-nji sessiýasynda DKTR-nyň ykrar edilmegi baradaky çagyryşynyň, DKTR-daky täze syýasatynyň esasyny güýçlendirendigini aýtdy.

Ersin Tatar DKTR-nyň Türki Döwletleriň Guramasyndaky synçy statusyna we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň DKTR-nyň baýdagynyň ýurdunda pasyrdamaga dowam etjekdigi baradaky beýanatyna ünsleri çekip, ýurdunyň bütin dünýäde kabul edilmäge başlanandygyny beýan etdi. 

Fuat Oktaý hem DKTR-nyň döwlet hökmünde ykrar edilmegini arzuw edýändiklerini belläp, ähli işleriniň şol ugurdadygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar