Daşary Işler Ministri Fidan, Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Tarapyndan Kabul Edildi

Tokaýew, Daşary işler ministri Hakan Fidana täze wezipesinde rowaçlyk arzuw edip

2035918
Daşary Işler Ministri Fidan, Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Tarapyndan Kabul Edildi

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew, paýtagt Astanada saparda bolan Daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi.

Gazagystan tarapyndan berlen beýannama görä, Tokaýew, Daşary işler ministri hökmünde Astana ilkinji resmi saparyny guran Hakan Fidany kabul etdi.

Tokaýew Akorda köşgünde bolan kabul edilşikde Daşary işler ministri Hakan Fidana täze wezipesinde rowaçlyk arzuw edip, Fidanyň Gazak-Türk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna uly goşant goşjakdygyna doly ynanýandygyny aýtdy.

Prezident Tokaýew, şu ýyl Türkiýe Respublikasynyň gurlan gününiň 100 ýyllygynyň bellenilip geçilýändigini we şanly senäniň doganlyk ýurt üçin taryhy öwrülşik nokady bolandygyny nygtady.

Iki ýurduň prezidentleriniň duşuşyklarda möhüm şertnamalara gol goýandygyny ýatladan Tokaýew, Gazagystan üçin Türkiýäniň esasy strategik hyzmatdaşdygyny aýratyn belledi.

Prezident R. T. Erdoganyň salamyny ýetiren Daşary işler ministri Hakan Fidan hem iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak isleýändiklerini belledi.

Fidan, Prezident Erdoganyň noýabr aýynda Gazagystanda geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň liderler maslahatynyň çäginde özara strategik gatnaşyklary giňişleýin ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýändigini ýatlatdy.

Beýleki tarapdan Daşary işler ministri Fidan, Astana guran saparynyň çäginde Türk Maýa goýum gaznasynyň başlygy Bagdad Amreýewi kabul etdi.



Degişli Habarlar