Gyrgyzystanda TikTok gadagan ediler

Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumatlar, sport we ýaşlar syýasaty ministrligi ýurtda sosial media platformasy TikToky gadagan etmek barada karar kabul edilendigini mälim etdi

2031348
Gyrgyzystanda TikTok gadagan ediler

Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumatlar, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Metbugat merkezinden berilen ýazmaça beýanatda, TikTok gollanmasynyň, çagalaryň akyl taýdan ösüşine we saglygyna ýaramaz täsir ýetirýän zyýanly täsirleri bilen baglanşykly köp sanda raýat jemgyýetçilik guramalaryndan şikaýatlaryň gelip gowuşandygy habar berildi. 

TikTok gollanmasynyň ulanyjylary gysga metražly kliplerden ybarat wirtual äleme çekýändigi, ýaşlaryň olara tomaşa edenlerinden soň käbirleriniň janlary howp astyna girýän kesgitli wideolary gaýtalamaga synanyşýandygy bellenen beýanatda, garaşlylyga sebäp bolýan bular ýaly görnüşli materiallaryň ýaş nesliň emosional ýagdaýyna ýaramaz täsir ýetirýändigine ünsler çekildi. 

Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumatlar, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň köp sanda şikaýatlary göz öňüne tutup we geçirilen derňewlere esaslanyp, ýurtda TikTok-yň gadagdan edilmegi baradaky kararynyň kabul edilendigi bellenen beýanatda, kararyň durmuşa geçirilmegi üçin Sanly galkynyş ministrligine ýüz tutulandygy aýan edildi. 


Etiketkalar: #gadagan , #TikTok , #Gyrgyzystan

Degişli Habarlar