Ermenistan serhet zolagyndaky Azerbaýjana degişli ýerlere ot açdy
Hüjümde 2 esgeriň ýaralanandygy, Azerbaýjanyň goşunynyň kesgitlenen ýerlere garşy jogap berip, garşylyk görkezendigi aýan edildi
2031872
Ermenistanyň harby güýçleriniň serhet zolagyndaky Azerbaýjana degişli ýerlere kamikaze uçarmansyz howa ulaglary bilen guran hüjüminde azerbaýjanly 2 esger ýaralandy.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Basargeçer welaýatynyň Zod sebiti ugrunda Ermenistanyň goşunyna degişli harby birikmeleriň Kelbejer ugrundaky Azerbaýjana degişli ýerlere kamikaze uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygy habar berildi.
Hüjümde 2 esgeriň ýaralanandygy, Azerbaýjanyň goşunynyň kesgitlenen ýerlere garşy jogap berip, garşylyk görkezendigi aýan edildi.
Degişli Habarlar
Özbegistanda Wengriýanyň we Ýewropanyň Firmalary Üçin Ýörite Erkin Ykdysady Zolak Dörediler
Bu barasynda Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanyndan beýannama berildi.