Azerbaýjanyň Liwandaky ilçihanasyna hüjüm guraldy

Azerbaýjanyň Liwanyň paýtagty Beýrut şäherindäki ilçihanasyna asly ermeni bolan topar tarapyndan boýaglar, we partlaýyjy çüýşeler bilen hüjüm guraldy

2031334
Azerbaýjanyň Liwandaky ilçihanasyna hüjüm guraldy

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi Liwanda aksiýa geçiren asly ermeni bolan 50 adamlyk toparyň, Azerbaýjanyň Beýrut şäherindäki ilçihanasynyň töweregindäki simleri kesendigini, içinde boýaglar we partlaýjy bolan çüýşeleri ilçihananyň binasyna zyňandyklaryny habar berdi. 

Hüjümiň netijesinde ilçihananyň işgärleriniň arasynda ýaralanan adamlaryň bolmandygy bellenen beýanatda: "Diplomatik missiýalaryň goralmagyndan jogapkär bolan gulluga wakanyň habar berilmeginden soň, howpsuzlyk güýçleri wakanyň bolan ýerine geldiler, emma prowokatorlar sebitden daşlaşmagy başardylar. Ilçihana guralan bu hüjümiň jogapkärleriniň anyklanmgy we tussag edilmegi üçin Liwanyň Daşary işler ministrligine mesele bilen bagly nota hödürlendi we degişli çäreler görülmäge başlandy" diýip mälim edildi. 

Beýanatda Azerbaýjanyň Liwanyň paýtagty Beýrut şäherindäki ilçihanasynda howpsuzlyk çäreleriniň artdyrylandygy, hüjüm bilen baglanşykly derňew işiniň dowam edýändigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar