DKTR-nyň Prezidenti Tatar, Baş Ştabyň Başlygy Güragy Kabul Etdi

Türkiýe Kipr türk halkyna goldaw bermäge dowam eder

2029754
DKTR-nyň Prezidenti Tatar, Baş Ştabyň Başlygy Güragy Kabul Etdi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Metin Gürgy kabul atdi.

DKTR-dan berlen beýannama görä, Prezident Tatar, kabul edilşikde, BMG-nyň, DKTR-nyň gurmak isleýän Pile-Ýigitler ýoluna garşylyk görkezendigini nygtap, “Eýsem, uçarman Jengiz Topel bilen obalarda ýaşaýan türkler öldürlen mahaly BMG nirededi?” diýip sorady.

Prezident Tatar, Pilede ýaşaýan halkyň kynçylyklarynyň ortadan aýrylmagy we gumanitar maksatly ýol gurmak isländiklerini, grekleriň Pilede ýol we bina gurandygyny we uniwersitet açandygyny emma nobat türklere gelende uly garşylyk görkezilýändigini we iki ýüzli çemeleşilýändigini ýatlatdy.

DKTR-nyň Prezidenti Tatar, “Garşy tarap Piledäki türk ilatyň sanyny azaldyp, grek obasyny gurmagy maksat edinýär” diýdi.

Tatar, Gündogar Ortaýer deňizinde türk döwleti bolan DKTR-nyň mawy watanda, nebit, tebigy gaz we beýleki howpsuzlyk meseleleri bilen statusynyň ýokarlandygyny belledi.

Prezident Tatar, Kipr türkleriniň arkasynda Türkiýäniň we Türk dünýäsiniň bardygyny, DKTR-nyň Türki döwletler guramasyna synçy agza bolmagyndan soň statusynyň ýokarlandygyny ýatlatdy.

Baş ştabyň başlygy Metin Gürak hem kabul edilşikde, Türkiýäniň Kipr türk halkyna goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.

Goşun generaly Gürak, Limasolda Köprüli Hajy Ibrahim aga metjidine guralan hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgarýandygyna ünsi çekdi.



Degişli Habarlar