Taňry Dagynda Ýiten Alpinistler Tapylyp Bilinmedi

Alpinistleriň tapylmagy üçin başladylan gözleg we halas ediş işleriniň bes edilendigi nygtaldy.

2023654
Taňry Dagynda Ýiten Alpinistler Tapylyp Bilinmedi

Gyrgystandaky Taňry dagynda 25 gün ozal ýiten alpinistleriň tapylmagy üçin başladylan gözleg we halas ediş işleriniň bes edilendigi nygtaldy.

Gyrgystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Taňry dagynda 19-njy iýulda 6 müň 900 metr belentlikde aragatnaşyk kesilen, 24-nji iýulda ýeri anyklanylan 3-i rus, biri litwaly 4 dagçynyň tapylmagy üçin başladylan gözleg we halas ediş işleriniň bes edilendigi bellenildi.

Beýannamda, 4 müň 100 metr belentlikde -20-30 gradusda gözleg we halas ediş işlerini geçiren topara hem uly howpuň abanandygy üçin kesgitlenen ýeri barlyp bilinmändigi nygtaldy.

Ýaramaz howa şertleri we harsaň howpu sebäpli toparyň işiniň bes edilendigi ýatladyldy.

 


Etiketkalar: #Gyrgyzystan , #dag , #alpinist

Degişli Habarlar