Tatar: "Parahatçylyk hem greklere hem-de türklere geldi" diýdi

Ersin Tatar Paýtagt Lefkoşadaky Prezident ofisinde 1974-nji ýylyň 20-nji iýulyndaky Kipr Parahatçylyk operasiýasy barada beýannama berdi

2013497
Tatar: "Parahatçylyk hem greklere hem-de türklere geldi" diýdi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Prezidenti Ersin Tatar türk esgerleriň 1974-nji ýylda Kiprde geçiren Parahatçylyk operasiýasy bilen greklere we türklere parahatçylyk getirendigini habar berdi. 

Ersin Tatar Paýtagt Lefkoşadaky Prezident ofisinde 1974-nji ýylyň 20-nji iýulyndaky Kipr Parahatçylyk operasiýasy barada beýannama berdi. 

Ersin Tatar: "Parahatçylyk operasiýasy bolmasady Kipr, Kritden has erbet bolardy. Adadan ähli türkleri çykararlardy" diýip belledi. 

Ersin Tatar operasiýanyň Kiprde öwrülişik nokady bolandygyna ünsleri çekip, Gresiýanyň we Kipriň Grek zolagynyň garaşmadyk mahaly türk esgerleriniň öňünde aljyrandyklaryny habar berdi. 

Türk halkynyň 1960-njy ýyldan 1974-nji ýyla çenli Kiprde tapawutly gyrgynçylyklara sezewar galandygyny, ykdysady çäreler bilen adadan çykarylandygyny aýdan Ersin Tatar operasiýanyň Türkiyäniň halkara ylalaşyklardan gözbaş alýan bir taraplaýyn goşulyşmak hukugynyň çäginde amala aşyrylandygyny mälim etdi. 

Ersin Tatar: "Türk esgerleriniň ada gadam basmagy bilen parahatçylyk hem greklere hem-de türklere geldi. Kiprde şol günden bäri hiç hili çaknyşyk bolmady, hiç kimiň burny hem ganamady. Demirgazygy we Günortasy bilen Kipr täze bir tapgyra girdi" diýip belledi. 


Etiketkalar: #türkler , #Kipr , #DKTR , #Ersin Tatar

Degişli Habarlar