DKTR-nyň Prezidenti: "Ähli harby agdarlyşyklary ýene-de bir gezek näletleýärin" diýdi

Ersin Tatar Kipr türk halkynyň hem şol agdarlyşyk synanyşygyna örän berk reaksiýa görkezendigini aýan etdi

2011679
DKTR-nyň Prezidenti: "Ähli harby agdarlyşyklary ýene-de bir gezek näletleýärin" diýdi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Prezidenti Ersin Tatar, şu gün Fetullahçy terror guramasynyň harby agdarlyşyk synanyşygynyň 7-nji ýylydygyny, Grek huntasynyň 1974-nji ýylyň 15-nji iýulynda amala aşyran harby agdarlyşygynyň bolsa 49-njy ýylydygyny ýatladyp: "Ähli harby agdarlyşyklary ýene-de bir gezek näletleýärin" diýip nygtady. 

DKTR-nyň Prezidentliginden berilen ýazmaça beýanata görä, Ersin Tatar daşary güýçler tarapyndan goldanan we gurnalan FETÖ-niň halkyň ygtyýaryny elinden almak we demokratiýany ýok etmek, Türkiyäni bölüp, çym-pytrak etmek we boýun egdirmek maksady bilen 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda harby agdarlyşyk synanyşygyny amala aşyrandygyny habar berdi. 

Harby agdarlyşyk synanyşygynda halkyň ygtyýaryna wekilçilik edilýän Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) hüjüme sezewar galandygyny we ýüzlerçe raýatyň huntaçylar tarapyndan öldürilendigini aýdan Ersin Tatar: "Emma bu harby agdarlyşyk synanyşygy Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň liderlik etmeginde türk halkyna we döwletine degişli Türkiyäniň ýaragly güýçleri we howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öňi alyndy" diýip mälim etdi. 

Ersin Tatar Kipr türk halkynyň hem şol agdarlyşyk synanyşygyna örän berk reaksiýa görkezendigini aýan etdi. 

Ersin tatar FETÖ-niň agzalaryny goldaýan, goraýan we Türkiyä garşy ulanmaga synanyşýan käbir ýurtlary ýazgardy. 

Beýleki tarapdan 1963-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Kiprdäki türklere garşy başladylan hüjümlerde Kipr türk halkynyň gyrgynçylykdan geçendigini we onuň Gresiýanyň goldawy bilen Kiprde amala aşyrylan ilkinji harby agdarlyşyk bolandygyny beýan etdi. 

Ersin Tatar Kiprdäki türkleriň garşylygyny bozup bilmän, şowsuzlyga duçar bolan Gresiýa we EOKA terror guramasynyň 1974-nji ýylyň 15-nji iýulynda Kiprde 2-nji harby agdarlyşyk we basyp alyşlyk amala aşyrandygyny mälim etdi. 

Şol harby agdarlyşyk bilen Kipr Grek Respublikasynyň yglan edilendigni we esasy maksady Kipr türk halkyny ýok edip, Kipriň Gresiýa tarapyndan anneksiýa edilmekdigini aýdan Ersin Tatar: "Bu uly howpuň öňünde halkara ylalaşyklardan gözbaş alýan hukuklaryny we ygtyýaryny ulanan Ene Watan Türkiye, 1974-nji ýylyň 20-nji iýulynda amala aşyran Parahatçylyk operasiýasy bilen Kipr türk halkyny gyrgynçylykdan halas edip, azatlyga gowuşdyran bolsa, bütin Kipre hem parahatçylygyň we asudalygyň gelmegini üpjün etdi" diýip habar berdi. 

Ersin Tatar harby agdarlyşygyna garşy bolan müňlerçe grekiň gyrgynçylykdan halas bolandygyny, Gresiýadaky hunta dolanşygynyň agdarylyp, ýurda demokratiýanyň gelmeginiň üpjün edilendigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar